“Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly ”

  Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly ”atly gymmatly kitaby nesillermize wagyz etmek boýunça duşuşyk geçirildi.

  Duşuşykda täze kitabyň Türkmenistanyň ösüşiniň esasy tapgyrlaryna düşünmekde, şeýle hem häzirki döwrüň halkara şertlerinde hemişelik bitaraplyk syýasatynyň düýp mazmunyny çuňňur we giňişleýin açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Kitapda bitaraplyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň milli däpleri bilen innowasion ösüş ýoluny, içki durnuklylygy bilen dünýä açyklygy sazlaşykly utgaşdyrýan we depginli ösýän döwlete öwrülendigi nygtalýar.

  Çäräniň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655