«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja bagynyň hem-de “Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda” “Bagtyýar nesil-kuwwatly Watan” atly söhbetdeşlik geçirildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly uly üstünliklere, şan-şöhratly ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz ösüşleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýar, mähriban halkymyz ruhubelentlik bilen röwşen geljegi nazarlaýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesil hakynda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde okuw-terbiýeçilik edaralarynyň, sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi diýseň guwandyryjydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli babatda ösüşlere beslenýändigine aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň döreden asylly ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, terbiýe mekdebi, medeni mirasy, sungaty, taryhy milli gymmatlyklarymyz hökmünde goralýar we sarpalanýar. Beýik halkymyzyň edebi we ruhy baýlyklaryny gorap saklamaga, öwrenmäge, ösdürmäge höwesek ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek wezipesi hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu günki ýaş nesil ertirki ylym-bilimli kämil şahsyýetlerdir.
Söhbetdeşlik ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.