“Gadyr gijesi - nur gijesi”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda  “Gadyr gijesi - nur gijesi” atly söhbetdeşlik geçirildi.

  Söhbetdeşlikde “Gadyr gijesine” her bir maşgala diýen ýaly ýörite taýýarlyk görýär. Dürli-dümen milli tagamlar bişirilip, desterhanlary naz-nygmatlardan doldurýarlar. Goňşy-golama, dogan-garyndaşa içi nygmatly okara, hatda sowgat-serpaý iberýänlerem bar. Ikibir, üçbir ýagşy gatnaşykdaky maşgalalaryň bir saçagyň başyna jemlenip, bu “Müň aýdan haýyrly bolan gijäni” bilelikde, agzybir
geçirýärler. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem Döwletmämmet Azady adyndaky
Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri, Arkadag şäheriniň  bagtyýar ýaşaýjylary bilen Garabaýewleriň döwletli maşgalasynda türkmeniň desterhan saçagyny giňden ýazyp mukaddes 
Remezan aýynyň sahawata baý Gadyr gijesi bu ýyl hem eziz Diýarymyza özüniň kerem-keramaty bilen gelýänligi, däp bolşy ýaly Gadyr gijesi adamlar birek – birege bolan gatnaşyklarynda hemişekilerinden-de has mylakatly bolmaga ýykgyn edýänligi barada haýyr -  sahawatly gürrüňler edildi .

  Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi şeýle ajaýyp döwürde ýaşadýan, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmäge giň ýol açýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655