“Dünýäň syry kitap bilen açylýar”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Dünýäň syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ynsana zerur bilimler we pikirler adatça, kitaplardan alynýar. Kitap diňe bir maslahatçy bolman, eýsem, dünýägaraýşymyzy hem giňeldýär. Bu bolsa durmuşymyzyň hiline gönüden-göni täsirini ýetirýär. Kitap köp asyrdan bäri dowam edip gelýän bilimleriň, baý tejribeleriň we özboluşly usulyýetleriň genji-hazynasydyr. Biz dünýä belli awtorlaryň eserlerini okap, dünýägaraýşymyzyň çäklerini has-da giňeldýäris. Kitaplar hakydalarymyzyň, göz öňüne getirmelerimiziň, sagdyn pikirlenmek ukyplarymyzyň we mantyga laýyk pikir ýöretmelerimiziň ösüşine düýpli täsir edýänligi barada çagalar bilen kitabyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňler bilen dowam etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň öwrenen türkmen dilinde hem-de iňlis dilinde öwrenen ertekilerini, hekaýalaryny, goşgularyny buýsanç bilen aýdyp berdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşýan ýaş nesiller ylymda, bilimde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun sözlerini aýdyp, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.