“Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesi bilen bilelikde “Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni” atly söhbetdeşlik geçirildi.

  Söhbetdeşlikde terbiýeçilik ähmiýetli zatlaryň ählisi ajaýypdyr. Sebäbi olarda halkyň milli aýratynlygy, däp-dessury, edim-gylymy, gowulyga ýugrulan isleg-arzuwy jemlenen. Şatlyk-şowhunyň, aýdym-sazyň teşnesi bolan halkymyzyň milli baýramlary-da şol ajaýyplyklara girýär. Olaryň arasynda pasyllaryň soltany baharda bellenilýän Nowruz baýramy hem bar. Nowruz halk baýramçylygy hökmünde öz köküni has gadymyýetden alyp gaýdýar. Asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýdýan “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir”, “Nowruz gelse, buz durmaz” kimin dürli öwüşginli jümleler ata-babalarymyzyň her günüň, her paslyň özüne kybapdaş alamatyny kesgitländiklerini subut edýär. Pasyllaryň soltany baharyň eziz Diýarymyza gelmegi bilen al-ýaşyl reňke bürenen türkmen ýaýlasynyň her bir ot-çöpi derde derman, jana tenekar. Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde hem köp görnüşli, dürli reňkli bahar güljagazlarynyň açylmagy bolsa, tebigatymyza has-da gözellik çaýyp, ýaşyl ýaýlalarymyzy ajaýyp keşbe besleýänlikleri barada giňişleýin söhbet etdiler.

 Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny durmuşa geçirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655