“Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary ylmyň-bilimiň we ynsanperwerligiň çeçmesidir”

 “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary ylmyň-bilimiň we ynsanperwerligiň çeçmesidir” ady bilen geçirilen medeni çärede Berdi Kerbabaýewiň “Suw damjasy-Altyn dänesi” atly poemasy.

 Berkarar döwlediň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Bedew bady bilen öňe barýan türkmen halkynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik şahsyýetlerimize goýýan hormaty örän uly. Şol şahsyýetlerimiziň biri hem Berdi Kerbabaýewdir. Berdi Kerbabaýew türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Berdi Kerbabaýew diňe bir ençeme romanlaryň, powestleriň, hekaýalaryň, drama eserleriniň awtory bolman, eýsem ol poeziýa žanrynda hem ençeme eserleri döretdi. “Suw damjasy altyn dänesi” atly poemasy türkmen edebiýatynyň iň naýbaşy eserleriniň biri hasaplanýar. Bu eser diňe bir çeper eser bolman, eýsem türkmen halkynyň suwa bolan mukaddes garaýşydyr. Sährany gülzarlyga öwürmek ugrundaky zähmetiniň senasydyr. Poemanyň adyndan belli bolşy ýaly, esasy pelsepe suwyň gadyr gymmatydyr. Berdi Kerbabaýew bu eserde “Suw – durmuş, suw - bereket” diýen pikiri çeper obrazlar arkaly öňe sürýär.  Suw diňe bir maddy serişde däl, eýsem janly bir gudrat höküminde janlandyrylýar. Her bir damja suwuň aňyrsynda uly bir durmuşyň, bolçulugyň ýatandygynyň nygtaýar.

  Bize işlemäge, döretmäge, gurmaga şu ajaýyp şäherde zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp Sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!!!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655