"Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy"

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk ösüş ýolunyň beýikligini, dünýä derejeli şan-şöhratyny gaýtadan ýüze çykaran buýsançly zamanadyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenip, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz dünýä ýaýylýar. Parahatçylyk – ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy.

 Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bütin dünýäde giň goldaw tapýan halkara başlangyçlarymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belentligini nazarlaýan ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda hem söhbetdeşlikler, gürrüňdeşlikler yzygiderli geçirilýär. “Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy” atly söhbetdeşlik geçirildi.

 Arassa asmanymyzyň asudalygy, Ýer ýüzüniň parahatçylygy, raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we bu babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655