“Hemaýatdyr Arkadag biz bagtyýar nesillere”

 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 5 ýyllygy mynasybetli “Hemaýatdyr Arkadag biz bagtyýar nesillere”atly gezelençli, söhbetdeşlik geçirildi.

  Söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiz: “Mähriban çagalarymyz we ýaşlarymyz arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi hakyndaky aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup ýaşamalydyrlar” diýip belleýär.  Şu ajaýyp sözlerden ugur alyp hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda bejergi alýan dürli ýaşdaky çagalar ajaýyp kitaphananyň içiniň aýratynlyklary, dürli temadaky kitaplary bilen içgin tanyşdylar. Şeýle hem bu ýere gelen çagalar bilen kitaphanaçylar ýakyndan gürrüňdeşlik geçirdiler hem-de çagalar öwrenen goşgudyr, ertekilerini uly höwes bilen aýdyp berdiler. Bu ýere gelen bagtyýar çagalara Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu bolsa çagalarda ýatdan çykmajak bagtyýarlyk duýgusyny döretdi.

 Çagalaryň gülküsini iň ajaýyp senä deňeýän, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, Watanymyzyň nurana geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesiller babatda alyp barýan beýik maksatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655