“Kitap-ýaşaýşyň gözbaşy”

    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Kitap-ýaşaýşyň gözbaşy” atly gezelenç geçirildi. 

 Gezelençde Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda ylymlaryň, bilimleriň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphananyň içiniň aýratynlyklary hem-de türkmen halk ertekileriň birnäçesi bilen giňişleýin tanyşdyryp geçdiler. Şeýle hem gezelençde ça­ga­nyň ter­bi­ýe­li bo­lup ýetiş­me­gi­ne has ir­ki ýaş­lar­dan üns ber­mek mö­hüm­dir. Çagalarda go­wy gy­lyk-hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la gel­me­gin­de ki­tap­la­ryň, oýun­la­ryň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ça­ga­lar ki­çi­li­gin­den er­te­ki diň­le­mä­ge hö­wes­li bol­ýar­lar. Ça­ga­lar üçin ki­tap saý­la­nyp al­nan­da, ola­ryň su­rat­lar bi­len be­ze­li­şi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar, se­bä­bi ça­ga eli­ne ki­tap alan­da, il­ki bi­len, onuň için­dä­ki su­rat­la­ra se­red­ýär. Şol şe­kil­ler ça­ga­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär we ki­ta­by oka­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy, hö­we­si art­ýar. Ola­ra oka­ýan ki­tap­la­ry­nyň sa­ny­nyň gün-gün­den art­ýan­dy­gy­ny gör­ke­zip, hö­wes­len­di­rip dur­ma­ly. Şun­da ça­ga­la­ryň bel­li bir wagt­dan soň ki­tap oka­ma­ga bo­lan en­di­gi kä­mil­leş­mä­ge baş­la­ýar. Şo­nuň ýa­ly-da, ki­tap­la­ryň üs­ti bi­len ça­ga­nyň söz baý­ly­gy art­ýar, aň-dü­şün­je­si gi­ňel­ýär, köp zat­la­ra akyl ýe­tir­ýär. Esa­san-da, bi­li­mi, edep-ter­bi­ýe­si ýo­kar­lan­ýanlygy barada okyjylara giňişleýin gürrüň berdiler. 

  Gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655