“Dünýä syry kitap bilen açylýar”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde, kitap adamyň ruhy dünýäsiniň çyragydyr. Kitap okamak adamy diňe bir sowatly etmek bilen çäklenmän, eýsem ony rahatlandyrýar, özüne bolan ynamyny artdyrýar. Kitap okaýan adam sowatly bolmak bilen duýgularyna erk edip bilýär. Dürli meselelere dogry we çynlakaý çemeleşýär hem-de olary çözmegiň başga ýollaryny gözleýär, ýagny gözýetimini giňeldýänligi barada Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar otagynda dürli ýaşly okyjylarymyza giňişleýin gürrüň berildi.
Söhbetdeşligiň, ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan eserlerimizi giň okyjylarymyza ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.