“Meşhur türkmen sazandasy - Şükür bagşynyň 195 ýyllygy”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Meşhur türkmen sazandasy - Şükür bagşynyň 195 ýyllygy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. 

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde Meşhur türkmen sazandasy - Şükür bagşynyň 195 ýyllygy mynasybetli okuwçylara sungatyň inçe syrlaryny öwredýän sazanda mugallymlary bilen rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň durmuş ýoly we onuň türkmen saz sungatynyň altyn hazynasyndaky orny barada gyzykly maglumatlary barada söhbet etdiler. 

   Duşuşygyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary aýdym – sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. 

   Duşuşygyň ahyrynda türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny ösü­şiň aý­dyň ýol­la­ry bi­len öňe alyp bar­ýan, bag­şy­çy­lyk ýo­lu­nyň has hem kä­mil­leş­me­gin­de çäk­siz müm­kin­çi­lik­le­ri döre­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­nlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655