“Nusgawy edebiýat we aýdym-saz sungaty”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde “Nusgawy edebiýat we aýdym-saz sungaty” atly göçme kitap sergisini gurnady

    Sergide, Berkarar döw­le­ti­mi­ziň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň netijesinde bagtyýar dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry bi­len birlikde, hal­ky­my­zyň milli mirasy kämilleşip, ru­hy dün­ýä­si­ has hem baý­laş­ýar. Merdana hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­niň, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bo­lan aý­dym-saz sun­ga­ty­ny ös­dür­mek we dünýä ýaýmak boýunça “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda hem uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän başlangyçlar giň gerime eýe bolýar. Adam­za­dyň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyn­da aý­dym-saz yn­sa­nyň he­mi­şe­lik hem­ra­sy bo­lup­dyr. Adam öz iç­ki joş­gu­ny­ny aý­dym-sa­zyň üs­ti bi­len çe­per be­ýan et­me­gi ba­şar­ýar. Aý­dym-saz sun­ga­ty­myz, ede­bi­ýa­ty­myz uzak ta­ry­hy ýo­ly ge­çip, kä­mil­le­şip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­mek bi­len, me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Sergide ede­bi­ýat we aý­dym-saz sun­ga­ty aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di­ri­len­di­gi, hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de giň­den ös­dü­ri­len­di­gi ba­ra­da mag­lu­mat­lar ar­ka­ly gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­diler. 

  Serginiň, ahyrynda döwletli döw­rü­mizi beýik işleri bilen öz­ger­dip, gö­wün­leri galk­yndyrýan, türkmen aýdym-saz sungatynyň has hem ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­nlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.




Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655