“Bedew ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Bedew ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty” atly sergi geçirildi.
“Bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly
baştutanlygynda şan şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur
baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjy, ajaýyp çapyksuwarlygy, at üstündäki tilsimlere ussatlyk bilen erk edişi her bir adamyň kalbynyň töründen orun aldy. Buýsançly başlaryny belent tutup, ynsanyň wepadar dosty, aýrylmaz ýoldaşy hem-de ýakyn syrdaşy bolan meşhur bedewlerimiziň gelip çykyşy biziň eýýamymyzdan ozalky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär. Türkmen bedewine aýratyn söýgi we mähribanlyk bilen garaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp kitaplarynda türkmeniň iň wepaly dostuna – ahalteke bedewlerine bolan buýsanjyny beýan edýär.
Ruhy baýlygymyz bolan çuň manyly eserleri giň okyjylara ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşymyzy aýtýarys.