“At-myradyň mekany Türkmenistan – belent üstünlikler bilen öňe barýar” atly dabaraly maslahaty

  Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Baky 
Bitarap Türkmenistan uly üstünliklere taryhy wakalara beslenýär. Bedew türkmen üçin taryhyň ähli döwürlerinde ýakyn ýardamçy, söwer dost, hemdem syrdaş bolup geldi. Ol heňňamlar içre goç ýigidiň uçar ganaty, gerçek ärleriň alys ýoluny ýakyn edip, kowsa gapyp, gaçsa gutulyp bilýän ýeke-täk daýanjy – gujur-gaýratydyr. At türkmeniň toý gününde alny baýrakly, ykbaly şowly göz guwanjydyr. Dünýäde gözellikde taýsyz, düşbi hem parasatly ahalteke bedewiniň kemala gelmeginde ter howaly, tenekar suwly türkmen tebigatyna, nesilden-nesle 
geçirilip gelnen seýisçilik mirasyna mynasyp orun degişlidir. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655