“Sungatyň söz ussatlaryna uly sarpa”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň guramagynda “Sungatyň söz ussatlaryna uly sarpa” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň akyl – paýhasa çeper söze gadyr-gymmaty, sylagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende galdy. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ebedi mirasyny toplamak, neşir etmek, olary öwrenmek baradaky edýän aladalary, döredýän giň mümkinçilikleri esasynda türkmen edebiýatynyň genji-hazynalary neşir edilip halka ýetirilýär, daşary ýurt dillerinde terjime edilip dünýä ýüzüne ýaýylýar. Türkmeniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerinde ýaş nesle edep-terbiýe bermek, mährem kalplylyk, pähim paýhas öňe sürülip, keremli topraga, parahat durmuşa bolan beýik waspynyň çeper beýany barada giňişleýin gürrüň edildi.
Halkymyzyň baý geçmiş taryhynyň, edebiýatynyň we medeniýetiniň ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.