“Ak şäherimiziň bagtyýar nesilleri”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymynyň gurnamagynda “Ak şäherimiziň bagtyýar nesilleri” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Söhbetdeşlikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş ne­sil ha­kyn­da taý­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de okuw-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň, sport mak­sat­ly bi­na­la­ryň yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi diý­seň gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Elbet-de, bu döwletli işleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalary ýatyr. Bu gün­ki ýaş ne­sil er­tir­ki ylym-bi­lim­li kä­mil şah­sy­ýet­ler­dir. 

    Söhbetdeşligiň dowamynda gepleşige gatnaşýan çagalar Watanymyzy wasp edýän goşgularyny uly buýsanç bilen aýdyp berdiler. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655