“Çagalaryň gülkisi -parahatlyk nagmasy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag şäheriniň 6-njy çagalar bakja-bagynyň bilelikde gurnamagynda “Çagalaryň gülkisi-parahatlyk nagmasy” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Körpelerde gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar. Ata-eneler, terbiýeçiler çaganyň bu islegini nazarda tutup, oňa terbiýe, öwüt-ündew beriji ertekileri okap bermelidir. Olar entäk köp zada düşünmese-de, ertekilerde beýan edilýän wakalary ýadynda saklaýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýar. Olara okaýan kitaplarynyň sanynyň gün-günden artýandygyny görkezip, höweslendirip durmaly. Şunda çagalaryň belli bir wagtdan soň kitap okamaga bolan endigi kämilleşmäge başlaýar. Şonuň ýaly-da, kitaplaryň üsti bilen çaganyň söz baýlygy artýar, aň-düşünjesi giňelýär, köp zatlara akyl ýetirýär. Esasan-da, bilimi, edep-terbiýesi ýokarlanýar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda, körpeje nesillerimiziň kitaplary okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.