Wagyz - nesihat çäresi
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda wagyz - nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli işler alnyp barylýar. Şeýlede häzirki wagtda Arkadag şäherimizde hem ýoldaky hereketiň köpelýändigini nazara alyp geçirilýän bu wagyz nesihat çäreleriň, her bir adamyň köpçülik ýerlerinde we ýol hereketlerinde seresap bolmaklaryny, şahsy howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünlerini öwrenmek wajypdygy barada giňişleýin gürrüňler edildi. Şu maksatly geçirilýän çäreleriň raýatlarymyzyň howpsuzlygyna uly ähmiýetiň bardygyny bellediler.
Wagyz – nesihat çäresiniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde türkmen halkynyň rahatlygy, howpsuzlygy üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.