“Beýik ýeňiş-mizemez hatyra” atly söhbetdeşlik.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary bu günki gün nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylykly ýollary, merdanalygy, ýanbermez erkleri, durmuş pelsepeleri we öz zähmeti bilen Beýik Ýeňişe saldamly goşant goşan gelin-gyzlaryň, şu günki gün ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik gahrymançylyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan dilden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan ugrunda göreşen gerçeklerimize, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan şeýle-de tylda zähmet çeken enelerimize hemişe uly sarpa goýulýar we bularyň beýle Gahrymançylygy hiç haçan ýatdan çykmajak şöhrata eýedir. Ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!