“Çagalar edebiýatynyň görnükli wekilleri”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Köňülleriň çyragy” gepleşikde “Çagalar edebiýatynyň görnükli wekilleri” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde, bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýändigini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda uly aladalar edilýär. Körpeleriň, mekdep ýaşyndaky çagalaryň çeper edebiýata bolan höwesini göreniňde kitaphanalarda, mekdeplerde geçirilýän edebiýat agşamlarynyň, iň köp kitap okaýan okyjylar bilen bolýan bäsleşikleriň, döredijilik işgärleri bilen geçirilýän duşuşyklaryň geljekki watançy ýaşlary ýetişdirmekdäki ummasyz ähmiýeti biygtyýar ýadyňa düşýändigi hakynda şeýle hem söhbetdeşlikde çagalar edebiýatynda yz galdyran ýazyjy şahyrlar hakynda giňişleýin gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikler üçin alkyşlar aýdyldy.