“Eziz diýara buýsanç”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Eziz diýara buýsanç” döredijilik duşuşygy geçirildi. 
   Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli
buýsanjydyr, 
gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. “At-myrat” diýilişi ýaly, bu ýyl bagtyýar halkymyzy maksat myradyna  ýetirer. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny baýram edýär. Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Köp asyryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek, biz kitaphanaçylaryň hem paýyna düşýär. 
   Duşuşygyň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655