“Ýurdumyzyň medeniýet sungat ussatlarynyň ömür ýoly ýaşlarymyza göreldedir”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Ýurdumyzyň medeniýet sungat ussatlarynyň ömür ýoly ýaşlarymyza göreldedir” atly söhbetdeşlik geçirildi.

 Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy biziň üçin buýsançdyr. Medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewiligini berkitmäge, ýaşlarymyzyň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin uly ähmiýet berýändigi barada giňişleýin söhbet edildi.

 Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy, medeniýet- sungatymyzyň ägirtleriniň nusgalyk ýoluny çuňňur öwrenmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655