“Konstitusiýa we döwlet baýdagy halkymyzyň buýsanjy”

 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky dünýä diller instituty bilelikde gurnamagynda “Konstitusiýa we döwlet baýdagy halkymyzyň buýsanjy” atly söhbetdeşlik geçirildi.

 Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan nyşanlarymyzyň – Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni. Şeýle günde şöhratly halkymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna bolan hukugynyň alamaty bolan goşa mukaddesligimiziň baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanýar. Bu goşa toý mynasybetli Diýarymyzda ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralar geçirilip, milli gymmatlyklarymyzyň we ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspy ýetirilýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

 Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar özleriniň gyzyklandyrýan sowallaryny söhbetdeşlikde oturan myhmanlara berdiler.  Bu bolsa talyp ýaşlarda hasda täsir galdyrdy.

 Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655