“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”



  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eseriniň terbiýeçilik ähmiýeti baradaky söhbetdeşlik geçirildi. 

   Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan kemala gelen eserleri ynha ençeme ýyllardan bäri teşne kalbymyzy gandyryp, bize hakyky türkmen, beýik türkmen bolmaklygyň nusgasynyň beýany bolup gelýär. Bular barada, şol sanda, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly gymmatly kitapda eriş-argaç beýan edilýär. Bu gün türkmeni älem – jahan tanaýar. Çünki Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden, ýürek ylhamyndan kemala gelen eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edilýär, ylmy taýdan öwrenilýär, il-halka wagyz edilýär, uly höwes bilen okalýar. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby ata Watanymyza, ene topragymyza, şöhratly taryhymyza, asylly ýol - ýörelgelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň belent nusgasydyr. Hut şonuň üçinem watansöýüji, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bu kitabyň ähmiýeti juda uludyr. Şol sebäpden hem Alym Arkadagymyzyň giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bolup, ýaşlarymyza hem terbiýeçilik ähmiýeti Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eseri – terbiýeçilik işinde gymmatly çeşme bolup durýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda çuň manyly, gymmatly eserleri bilen türkmen halkymyzy begendirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655