Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Baýdak baýramçylygy
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň bilelikde geçiren Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Baýdak baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk gepleşigi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda asmanymyzda pasyrdaýan baýdagymyz halkymyzyň asyrlardan bäri döwletlilik barada edip gelen arzuwunyň hasyl bolmagydyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň esaslarynyň mizemezliginiň, halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr. Ata Watanymyzyň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňkli döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjydyr. Watanymyzyň beýik geljegini alamatlandyrýan mukaddes döwlet baýdagymyz-başymyzyň täjidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýlip bellenilýär. Garaşsyz döwletimiziň Esasy Kanuny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanyp paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy gurlup ulanylmaga berildi. Gepleşikde şular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!