“Gurban baýramy – ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Gurban baýramy-ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň baýramy” atly baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, Hormatly Prezidentimiziň tutumly tagallalary netijesinde bu gün Watanymyzyň çar künjeginde Gurban baýramynyň şowhuny-da, dabarasy-da has belentden ýaňlanýar. Toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan eziz Watanymyzda mukaddes Gurban baýramy dowam edýär. Arkadag şäher, Aşgabat şäherlerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramynyň dabarasy uly ruhybelentlige beslenýär. Toý gazanlary atarylyp, milli naharlarymyz bişirilýär. Her bir döwletli maşgalada saçaklary bezäp, gelen myhmanlara dürli naz-nygmatlar hödürläp, birek-birege “Gurbanlyklaryňyz kabul bolsun!” diýip, ýagşy dilegler edilýär. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny döredýär. Şular barada Arkadag şäherimiziň bagtyýar maşgalasy Kakajanowlaryň döwletli maşgalasynda goňşy-golamlary, dogan-garyndaşlary bilen giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda gadymy däp-dessurlarymyzy bellemäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.