“Päkligiň baýramy – Gurban baýramy”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Päkligiň baýramy-Gurban baýramy” atly baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi. 

   Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan däp bolup gelen Gurban baýramçylygy hem eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde uly toý dabara bilen bellenilip geçilýär. Şol bir sanda akylly şäher Arkadag şäherimiziň her bir bagtyýar döwletli ojaklarynda bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna bereketli saçak ýazyp, dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen birek-birekden duz-tagam dadyp Gurban baýramçylygy giňden belleýärler. Mukaddes Gurban baýramynyň şeýle giň gerimde bellenilmegi bolsa şu günki nesliň ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlarymyza berk eýerýändiklerini görkezýär. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda gadymy däp-dessurlarymyzy bellemäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655