“Çaga durmuşyň bezegi”

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja bagynyň bilelikde guramagynda “Çaga durmuşyň bezegi” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

  Söhbetdeşlikde ça­ga­nyň ter­bi­ýe­li bo­lup ýetiş­me­gi­ne has ir­ki ýaş­lar­dan üns ber­mek mö­hüm­dir. Kör­pe­ler­de go­wy gy­lyk-hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la gel­me­gin­de ki­tap­la­ryň, oýun­la­ryň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ça­ga­lar ki­çi­li­gin­den er­te­ki diň­le­mä­ge hö­wes­li bol­ýar­lar. Ata-ene­ler, ter­bi­ýe­çi­ler ça­ga­nyň bu is­le­gi­ni na­zar­da tu­tup, oňa ter­bi­ýe, öwüt-ün­dew be­ri­ji er­te­ki­le­ri okap ber­me­li­dir. Olar en­tek köp za­da dü­şün­me­se-de, er­te­ki­de be­ýan edil­ýän wa­ka­la­ry ýa­dyn­da sak­la­ýar­lar. Ça­ga­lar üçin ki­tap saý­la­nyp al­nan­da, ola­ryň su­rat­lar bi­len be­ze­li­şi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar, se­bä­bi ça­ga eli­ne ki­tap alan­da, il­ki bi­len, onuň için­dä­ki su­rat­la­ra se­red­ýär. Şol şe­kil­ler ça­ga­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär we ki­ta­by oka­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy, hö­we­si art­ýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler. 

 Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655