“Türkmen halysy gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Türkmen halysy gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

  Söhbetdeşlikde Öý-ojaklarymyzyň törüniň bezegi, ene-mamalarymyzyň on barmagynyň gudratyndan döräp, biziň günlerimize nepisligi, ajaýyplygy bilen gelip ýeten halydyr palaslarymyzyň at-owazasy ilden-ile, dilden-dile geçip äleme aýlanýar. Bu günki gün bolsa “Türkmenistanda haly dokamagyň milli sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyny bezeýär. Halynyň her bir çitiminde täsin tebigatyň türkmen topragyna eçilen gözellikleriniň şekilleri, reňkleri jemlenen. Ol bolsa öwşün atýan älemgoşar mysaly gaýtalanmajak sungat eserini-Arşyň nepisligini döredýär. Bu nepislik syrly, täsin dünýäli zenan kalby bilen sazlaşýar-da, daş-töwerege hoş owaz bolup ýaýraýar. Halydyr palas barada zenanlaryň ýürek owazyna çalymdaş rowaýatdyr tymsallar hem ene-mamalarymyzyň bu döredijilik sungatyna berlendiginden, her bir nagşyň, gölüň, döreýşiniň öz taryhynyň bardygyndan habar berýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler. 

  Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge geljekki nesillere ýetirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655