"Ylmy maslahaty geçirildi"

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda 2026-njy ýylyň 6-njy iýunda Azerbeýjan Respublikasynyň medeniýet günleri mynasybetli “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Döwletmämmet Azadynyň we XIX asyr Azerbeýjan şahyry we akyldary Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan” ylmy maslahaty geçirildi. 

  Türkmenistan we Azerbeýjan döwletleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlyklary türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri halkara derejesinde dabaralanýar. Türkmenistanda Azerbeýjan Respublikasynyň medeniýet günleri uly dabara bilen geçirildi. Azerbeýjan
Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Döwletmämmet Azadynyň we Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan” ylmy maslahaty geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda “Kitaplar-giň dünýäniň gapysy” atly dostluk sergi gurnaldy. Bu ajaýyp sergide
  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri hem-de Döwletmämmet Azadynyň, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şeýle hem döwürdeşleriniň gymmatly eserleri ýerleşdirildi. Şeýle-de bu ajaýyp sergä biziň doganlyk döwletimiz Azerbeýjan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan bu ýurduň sungatyny, medeniýetini we edebiýatyny tanyşdyrýan neşirleriň birnäçesi ýerleşdirildi. 

   Halkara hyzmatdaşlygy we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň kitaphanalarynda, bilim ojaklarynda we edaralarynda, edebi döredijilik çäreleri ýurdumyzda parahatçylygy, goňşuçylyk gatnaşyklaryny we medeni mirasymyzy wagyz etmäge gönükdirilendir. Berkarar diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655