Söhbetdeşlik
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Azerbeýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri mynasybetli “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Döwletmämmet Azadynyň we XIX asyr Azerbeýjan şahyry we akyldary Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan” tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylymyzda Eziz Diýarymyzda Azerbeýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde Arkadag şäherimizde dürli medeni çäreler geçirildi. Bu gün bolsa Magtymguly Pyragynyň pederiniň adyny göterýän Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Döwletmämmet Azadyň we Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan” ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda hem kitaphana hünärmenleriň gurnamagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi, eserleri edebiýat ylymynda hem, orta asyr dilimizi öwrenmekde hem gymmatly çeşme bolup durýar. Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseri uly ähmiýete eýe bolar. Bu günki gün ösüp gelýän ýaş nesillerde Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseri hem uly terbiýeçilik mekdep bolup durýar. Şeýle hem Azerbeýjan doganlyk döwletiniň ussat mugallymy hem belli ýazyjysy Seýid Azim Şirwanynyň satiriki goşgularynda we ertekilerinde aň bilim we medeniýetine çagyrýar. Ussat ýazyjynyň terbiýeçilik ähmiýetli eserleri bu günki gün biziň türkmen edebiýatymyzda hem öwrenilmäge giň ýollar açylandygynyň aýdyň beýany tapýar. Şeýle hem Azerbeýjan Respublikasynyň medeniýet günlerinde Azerbeýjan doganlarymyzyň medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny öwrenmäge uly orun berilýänligi barada uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda dost – doganlyk döwletler bilen ýakyndan tanyşyp olaryň ajaýyp medeniýetini, gymmatly edebiýatyny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.