Iýun aýynyň 3-8-i aralygy Russiýa Fedarasiýasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi
Iýun aýynyň 3-8-i aralygy Russiýa Fedarasiýasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy we okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu günki gün ýurdumyz goňşy we beýleki ýurtlar bilen medeni-ynsanperwerlik ugurlar boýunça gatnaşyklary barha pajarlap ösýär. Taryhy döwrümizde Türkmenistanyň Russiýa Fedarasiýasy bilen özara hyzmatdaşlykly döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasda yzygiderli ösdürilýär. Muňa ýaňy ýakynda iýun aýynyň 3-8-i aralygynda Russiýa Fedarasiýasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi. Bu ýerde türkmen medeniýetini, sungatyny hem-de milli gymmatlyklarymyzy giňden ýaýbaňlandyryldy. Islendik döwletiň ykdysady kuwwaty, şol döwletiň ylymdyr, bilime, kitapdyr kitaphanalara berýän ünsünde görünýär. Aýdylanlardan ugur almak bilen medeniýet günleriň dowamynda Russiýa Fedarasiýasynyň “Библиотека иностранной литературы” kitaphanasyna türkmen wekilleri baryp kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler
dogrusynda söhbetdeş boldular, hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleriniň rus-dilinde terjime edilen kitaplaryny sowgat berdiler. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň adyndan wekil bolup giden kitaphanaçymyza olar hem kitaphanalarynyň adyndan “Книжные памятники в аспекте сохранности” atly kitaby sowgat berdiler. Halk arasynda “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer” diýen nakyla eýerip bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri dünýä ýüzüne ýaň salýar.
Ajaýyp döwürde, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz üçin dünýäniň ähli künjeklerinde Türkmen medeniýetini dünýä ýaýmagymyza ähli şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, amala aşyrýan döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!