“Çaga kalbynyň owazy”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy “Çaga kalbynyň owazy” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

  Söhbetdeşligiň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitabyň gymmaty we adamlaryň durmuşynda tutýan orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de bagtyýar körpelerimiz durmuşymyzyň parahatçylygyny, asudalygyny wasp edýän aýdymdyr goşgulary aýtdylar. Bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde, geljegimiz bolan körpeleriň bagtyýar durmuşda gülüp-oýnap ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bu işleriň netijesinde biz her bir ojakda bagtyýar çagalaryň bagtdan joşýan kalplarynyň owazynyň-şadyýan gülküleriniň şaýady bolýarys. Bu biziň her birimizi guwandyrýar. Şeýle ajaýyp durmuşyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655