“Milli medeniýetimiz galkynýar”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Milli medeniýetimiz galkynýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri türkmen halkynyň milli mirasyny, taryhyny, medeniýetini we ruhy gymmatlyklaryny wagyz edýän egsilmez hazynadyr. Bu eserler ýaş nesli terbiýelemekde we watansöýüjilik ruhuny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, kitap kämilligiň gözbaşy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eserleri ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip giň ykrarnama eýe bolýar. Ol eserler okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. Il arasynda “Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr” diýen ajaýyp jümle bar. Biziň döwrümizi, döwranymyzy şatlykly wakalara besleýän hormatly Prezidentimiz peder ýoluny mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzyň parahatçylygyny, il-günümiziň agzybirligini gazanmakda beýik işleri durmuşa geçirýär. Berkarar diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655