“Çaga kalbymyň owazy”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Çaga kalbymyň owazy” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

  Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar ýaş nesilleriň tebigy zehinleriniň ýüze çykmagynda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar bakja-baglary, döwrebap mekdepler, çagalar çeperçilik hem sungat mekdepleri gurulyp ulanylmaga berilýär. Olaryň her biri hem ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiz hakynda edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda, Arkadag şäherinde ýerleşýän Märkaw myhmanhanasynda Aşgabat şäheriniň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda söhbetdeşlikler we olaryň ýerine ýetirmeginde aýdym sazly çäre geçirildi. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly bolup ýetişmegi ugrunda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655