“Arkadag şäheri – geljegiň şäheri”

  Arkadag teleýaýlymynyň gurnamagynda Arkadag şäher aragatnaşyk müdirliginde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gatnaşmagynda hem-de “Arkadag şäheri-geljegiň şäheri” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

  Söhbetdeşlikde häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetiň pudaklaryny okgunly ösdürmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze eseri bolmak bilen çäklenmän, eýsem sebitiň iri “akylly” şäher konsepsiýasyna hem-de ekologiýa taýdan arassa inženerçilik ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylan şäheri boldy. “Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, el telefonyň kömegi bilen dolandyryp bolýandygy hakynda we başga-da gyzykly gürrüňler edildi. 

   Çäräniň ahyrynda bolsa Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655