“Kitap – ýagty geljegiň açary”

 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Altyn damja” çagalar dynç alyş merkeziniň we Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Kitap – ýagty geljegiň açary” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ýaş ne­sil ha­kyn­da taý­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de okuw-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň, sport mak­sat­ly bi­na­la­ryň yzy­gi­der­li gur­ulyp ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi diý­seň gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Mundan başga çagalarymyzyň dynç-alyş günlerini gyzykly geçirmekleri üçin Gökdere jülgesinde çagalary sagaldyş dynç-alyş merkezleriniň birnäçeleri gurulyp ulanylmaga berlen. Bu ýerde çagalar wagtlaryny örän şadyýan geçirýärler. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary bolup Gökdere jülgesinde ýerleşýän Altyn damja” çagalary sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalara öz kitap sergilerimiz bilen myhmançylyga gitdik. Bu ýerde dynç alýan çagalar biziň ertekili kitaplarymyzy uly gyzyklanma bilen okap öz wagtlarynyň has gyzykly geçendigini aýtdylar. “Altyn damja” çagalary sagaldyş merkezinde çagalar üçin birnäçe gurnaklar hem bar eken her çaga öz başarnyklaryny bu gurnaklarda görkezýärler. Ondan başgada sportuň birnäçe görnüşleri bilen türgenleşýärler. Be­ýik hal­ky­my­zyň ede­bi we ru­hy baý­lyk­la­ry­ny go­rap sak­la­ma­ga, öw­ren­mä­ge, ös­dür­mä­ge hö­we­sek ýaş nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek we­zi­pe­si hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu gün­ki ýaş ne­sil er­tir­ki ylym-bi­lim­li kä­mil şah­sy­ýet­ler­dir. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655