“Medeniýet halkyň ruhy baýlygy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Medeniýet halkyň ruhy baýlygy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli geçirilýän medeni çäreler dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.
Halkymyzyň baý geçmiş taryhynyň, edebiýatynyň we medeniýetiň ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.