“Watanyň gelejegi ýaşlar”

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bile “Aýdyň maksatly ýaşlar” atly maslahat geçirildi.

Horma Prezidentimiz, “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eserinde, “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”, diýmek bilen ýurdumyzyň gelejeginiň gurujylary ýaşlar diýip uly ynam bilen belläp geçýär.

Maslahatda ylymly bilimli ýaşlary terbiýelemekde, döwletimiziň döredip berýän mümkinçiliklerine mynasyp nesil ýetişdirmegiň wajyplygy bellenildi.

Maslahatyň ahyrynda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655