"Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri äleme nusgalyk”

"Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
ajaýyp eserleri äleme nusgalyk”
atly söhbetdeşlik geçirildi.

 Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bu günki günde Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, kitap bilim almagyň esasy çeşmeleriniň biridir. Kitap altyn gapyly ajaýyp dünýäniň açary. Kitapda bolup geçýän wakalaryň hyýaly gahrymanlar bilen janlanýandygyna seretmezden, okamak endigi her bir okyjyda adamkärçiligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň, halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Şeýle ajaýyp eserleriň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserleridir. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri her bir türkmen ýaşlarnyň ýan kitabyna öwrülip, hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri Watançylyk ruhda terbiýelemekde uly görelde mekdep bolup durýar. Bu ajaýyp eserlerde milletimiziň ruhuna kybap döwrüň wakalary tymsallaryň we durmuş hakykaty bilen bagly rowaýatlaryň üsti bilen öz beýanyny hem tapýanlygy barada giňişleýin söhbetdeş boldylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy, röwşen geljegi barada taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç alsyn!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655