“Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly ýoly: Bedew bady, döwlet mertebesi”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly ýoly: Bedew bady, döwlet mertebesi” atly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna barýan ýylymyzyň her bir güni şanly wakalara, toý baýramlara beslenýär. Ine, bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda “Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly ýoly: Bedew bady, döwlet mertebesi” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda atçylyk pudagynda ýetilen sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde ahalteke bedewlerine goýulýan belent sarpa, ahalteke atçylygynyň, seýisçiligiň ylmy esaslary, bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, türkmen bedewleriniň gadyr-gymmaty, sungatdaky we edebiýatdaky keşbi aýratyn orna eýeligi barada giňişleýin söhbet edildi.
Milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam bolmagy, atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.