“Çaga kalbymyň owazy”

 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Arkadag teleýaýlymy bilelikde gurnamaklarynda “Çaga kalbymyň owazy” atly söhbetdeşlik geçirildi.

 Halkymyz: “Bagşyly il – bagtly il” diýýär. Nirede bagşy sazanda köp bolsa ýurt döwletli döwranlydyr. Aýdym saz ynsan kalbynyň iň tämiz syry durmuşymyzyň owazy we nurydyr. Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz aýdym-saz dünýäsi bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu söhbetdeşlikde aýdym aýtýan, saz çalýan çagalar bilen aýdym – saz dünýäsine hakynda sorag-jogaply söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar özleriniň şirin owazly aýdym-sazlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.

 Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655