“Kitap bilimiň çeşmesi”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Kitap bilimiň çeşmesi” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ylym-bilim ojagyny häsiýetlendirýän esasy zat, ol hem kitaplardyr, ylmyň gymmatly çeşmesidir. Şonuň üçindir, ylym-bilim ojagynyň esasy binýady hem kitaphanalarda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabynda: “Kitaphanalar — paýhas öýi. Durmuşyň ähli ugurlaryna degişli edebi-çeper, taryhy we ylmy kitaplary bu ýerde aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Dürli dünýä dilleri, alys we ýakyn ýurtlaryň wekilleri, olaryň pikir-garaýyşlary, aýdan sözleri, döreden eserleri bilen tanşyp bolýar” diýip belleýär. Dogrudan-da, kitaphanalar — paýhas öýi, ruhy kämilligiň merkezi. Kitaplar dünýäsine aralaşmak bilen, biz ruhy kämillige, aň ösüşine ymtylýarys. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň genji hazynasy mukaddes kitap, kitaphanalar hakynda söhbet edilende bolsa ilki bilen Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda döwlet derejesinde örän uly işler edýändigini buýsanç bilen bellemek bolar. Hormatly Prezidentimiz kitaphana işini hasda kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda hem kitaphana ulgamy pajarlap ösýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan ajaýyp eserleri giň okyjylara ýetirmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy.