“Bagtyýar nesil – bagtyýar Watan”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, “Arkadag” teleýaýlymynyň guramagynda “Bagtyýar nesil – bagtyýar Watan” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda medeniýeti we sungaty yzygiderli ösdürmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň yzygiderli goldawlary netijesinde aýdym-saz sungaty belent sepgitlere ýetdi. Müňýyllyklardan gözbaş alýan türkmen medeniýeti, aýdym-sazy halkyň içinden döreýän zehinli ynsanlaryň hasabyna has-da kämilleşip gelýär. Öz gezeginde milli medeniýetimiz hem ýiti zehinleri ýüze çykarýar. Aýdym-sazyň jadyly dünýäsi bilen gyzyklanýan ýaş zehinlije aýdymçy gyzymyz Baýramgül jigimiz bilen söhbetdeş boldyk. Şeýle-de özüniň bu ajaýyp sungata bolan söýgüsini, ýürek buýsançlaryny biziň bilen paýlaşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda Baýramgül jigimiz özüniň ajaýyp aýdymlary bilen gepleşigimize aýratyn öwüşgin çaýdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda aýdym-saz dünýäsi bilen meşgullanýan çagalara uly şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.