“Çaga kalbymyň owazy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Çaga kalbymyň owazy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda aýdym-saz sungatymyza diýseň uly sarpa goýulýar. Milli medeniýetimiziň taryhy gelip çykyşy, onuň ösüş ýolundaky yzlary dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren kitaplarynda açyk aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Türkmen medeniýeti”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaplary bu günki günde sungata ömrüni baglan ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelgedir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp bagtyýar döwrümiziň ajaýyplyklarynyň waspyny ýetirýän ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň dillerinde aýdym bolup ýaňlanýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan, bagşyçylyk ýolunyň has hem kämilleşmeginde çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly buýsanç bilen alkyş sözlerini beýan etdiler.