“Halk maslahaty döwletliligiň we jebisligiň aýdyň ýoly”

 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde guramagynda “Halk maslahaty döwletliligiň we jebisligiň aýdyň ýoly” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly halkymyzyň agzybirligi, jebisligi netijesinde gazanylan üstünlikleri, möhüm ähmiýetli wakalary özünde jemleýän ýyllaryň biri bolup taryha ýazylýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, giň gerimli özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen berk baglanşyklydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Watanymyzyň we eziz halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen bähbitli çözgütler kabul ediler. Bu bolsa mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadyny has-da berkidip, nurana geljegini üpjün eder. 

    Söhbetdeşligiň, ahyrynda ata Watanymyzy bedew batly ösüşleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe alyp barýan, türkmen halkynyň bolelin durmuşyny üpjün etmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655