“Bal süýji baldan bala”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Bal süýji baldan bala” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Çaga terbiýesi durmuşyň hem-de jemgyýetiň möhüm bölegi bolup durýar. Ýaş nesli durmuşa ugrukdyrmakda, sözleýiş, özüňi alyp barmak medeniýetini ösdürmekde akyl başarnygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çaganyň ösüşinde aýdym-saz, sungat, sport möhüm orun eýeleýär. Halk döredijiligimiz çaga durmuşynda esasy oruny tutýar. Onda çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Ertekiler çaganyň diňe bir sözleýişini baýlaşdyrman, eýsem, kämil düşünjäni hem kemala getirýär. Esasan hem ertekilerdäki gahrymanlar, olaryň ýagşylyklary körpede oňat häsiýetleriň döremegine täsir edýär. Şeýle hem ertekilerdäki aýdylýan ýagşylyklar, oňat işleri bitirmek ýaly ýörelgeler hem terbiýeçilik ähmiýetlidir. Döredijilikli pikirlenmegiň, akyl ýetirmegiň hem-de zähmetiň miwesini emele getirýär. Hut şonuň üçin ýaş nesliň gündelik durmuşyny kiçijik açylyşlar, oýlap tapyşlyklar gurşap almaly.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillerimiziň okamaklary, öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.