“Garaşsyzlyk ýyllarynda şöhratly taryhymyz – milli mirasymyz”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda şöhratly taryhymyz – milli mirasymyz” atly maslahat geçirildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz bize türkmeniň däp-dessurlaryny, ruhybelentligi, buýsanç ýaly ençeme duýgulary bagyş etdi. Türkmen halkymyzyň şol bagtdan paýly bolanyna bu ýyl 35 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň berkararlygydyr. Günüň tylla çogy gül-gülüstan Watanymyzyň üstüne hemişelik ýagty şuglasyny saçdy. Parahatçylyk söýüji, ynsanperwer ýörelgä esaslanýan, dostlugy dabaralandyrýan döwletimiz hemişelik Bitarap boldy. Halk abadan, Watan öz erkli, Garaşsyz bolanda bolsa ösüş-özgerişler yzly-yzyna dowamly gelip dur. Merdana ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlary 1991-nji ýylda amala aşyp, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi. Her ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyzlyk güni uly toý-baýram edilip giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk bize bir bitewi halkdygymyza buýsanmaga, Watanymyzyň jebisliginden ruhlanyp, abadan ýaşamaga şert döretdi. Döwletimiz asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy we maddy baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Häzirki wagtda şol taryhy baýlyklarymyz, milli mirasymyz halkymyzyň milli buýsanjy bolup, dünýä özüni tanadýar.
Maslahatyň ahyrynda türkmen halkynyň baky bagtly döwranda ýaşamaga, döretmäge, okamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.