“Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy.


2026-njy ýylyň 19-22-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy we döredijilik başarnyklaryny doly açyp görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy hem aýdyň subutnamasydyr. Halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde çagalaryň dürli ugurlardaky başarnyklaryny ösdürmäge, olaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilen giň gerimli çäreler geçirildi. Olaryň hatarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda Küşt ýaryşy, Halkara Küşt federasiýasynyň tälim beriji ussatlyk sapaklary, “Hünärler şäheri: geljege tarap 5 ädim” atly hünäre ugrukdyryş we maslahat beriş çäreleri hem-de çagalaryň söýgüli multfilmiň gahrymanlarynyň ajaýyp çykyşlary görkezildi. Şeýle hem çagalar bilen daşary ýurt dillerinde sorag – jogap söhbetdeşlikleri, duşuşyklary, dürli temalara degişli sapaklar geçirildi. Bu bolsa çagalaryň has hem okamaklaryna, dünýä garaýşynyň ösmegine uly ähmiýet berdi “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy – çagalaryň bagtyýar şu güni we nurana geljegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, halkara hyzmatdaşlygyň hem-de täze başlangyçlaryň özboluşly baýramydyr.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655