“Garaşsyzlyk milli buýsanjymyz”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara şanly senelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyz gün saýyn ösýär we gözelleşýär. Şeýle şanly seneleriň biri bolsa mukaddes Garaşsyzlykbaýramydyr. Döwletmämmet Azadyadyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyzlyk milli buýsanjymyz” atly baýramçylyk çäresi dabaralyýagdaýda geçirildi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýitigalamyndan syzylyp çykan kitaplaryndan kitap sergisi hem gurnaldy. Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il bähbitli ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.